Parahatçylyk dilleri arkaly dünýäniň abatlygyna aýdyň ýol
2026-njy ýylyň 12-njy fewralynda Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO Klubynyň 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň hasabat ýygnagy geçirildi.
Oňa “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO Klubynyň düzüm bölekleri: başlygy, işjeň agzalary we klubyň işine meýletinçi mugallymlar we talyplar hem-deBirleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň referenti Jemal Rematullaýewa gatnaşdy. Ýygnagyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen ÝUNESKO klubynň bilelikde taýýarlan “UNESCO clubs in Turkmenistan” atly wideo şekilini görkezmek bilen başlamagy gatnaşyjylarda örän uly täsir galdyrdy. Şol sanda, gören we diňlän maglumatlary arkaly ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO Klublarynyň ähmiýetine, gurluş aýratynlygyna, alyp barýan işlerine, maksatdyr wezipelerine, aýratynam borçlaryna has içgin düşünmäge we göz ýetirmäge mümkinçilik gazandylar. Çünki, ýuneskoçylaryň esasy borjy ÝUNESKO-nyň parahatçylyk ýörelgelerine, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylykly içeri we daşary syýasatyna ygrarly bolmakdyr.
Soňra, ýygnagynyň gün tertibine laýyklykda “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO Klubynyň 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň hasabaty diňlenildi. Gazanylan netijeler, öwrenilen tejribeler baradaky işjeň agzalaryň sanly görnüşde hasabat görnüşinde eden çykyşlary ýyl boýunça gazanylanlaryň anyk görkezijilerini berdi. “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO klubynyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasynyň klubyň işjeň agzalaryna giňişleýin mazmunda ýetirilmegi uly goldaw tapdy hem-de her bir agzada maksadaokgunlylyga itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda belleýşi ýaly: “ÝUNESKO öz wezipesini halkara milli medeniýet we beýleki halklaryň medeniýeti bilen tanyşmak, milli köpdürlülige uýgunlaşmak, gapma-garşylykly ýagdaýlary medeni gepleşigiň esasynda parahatçylykly çözmek ýaly gymmatlyklara eýe bolmak üçin mümkinçilikleri berýän «Dünýäniň medeniýeti» maksatnamasyny amala aşyrmak arkaly ýerine ýetirýär.” (186s). Bu maksatnamany milli gymmatlyklarymyzyň, döwletlilik ýörelgelerimiziň we türkmençiligimiziň esasynda ata Watanymyzda we halkara giňişleginde parahatçylyk dilleri arkaly durmuşa geçirmek klubyň işiniň esasy wezipesidigini bellemek bilen hasabat ýygnagy öz işini tamamlady.


