Dost-doganlygyň egsilmez çeşmesi

13.11.2025

Parahatlyk paýlap Ýeriň ýüzüne,

Dost-dogandyr ynamlydyr sözüne,

Paýtagty deňelýär göwher ýüzüne,

Arkadagly Serdar merdiň-merdany,

Türkmenistan – Bitaraplyk mekany

Halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmakda halk diplomatiýasynyň uly orny bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejede türki döwletleriň agzybirligi we raýdaşlygy örän mö­hümdir. Halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir. Türki döwletleriň dost-doganlyk köprüsi mundan köp asyrlar öň adamzadyň ösüşine örän uly täsir ýetiripdir. Ol Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ösüşini geografik taýdan baglanyşdyryp, dürli ugurlarda bilimleriň, taryhy galkynyşlaryň, ahlak ýörelgeleriniň ösen ýeri bolupdyr. Türki halklaryň üsti bilen Ýewraziýa giňiş­liginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlary peýda bolupdyr. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlary kesgitlenipdir.

Ynsanperwerlik, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk türki dilli halklaryň arasynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türki halklar diliniň, medeni hem­-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Doganlyk halklaryň taryhynda medeni, edebi gymmatlyklarynda ymykly nesilden-nesle geçirilip gelnen bu ýörelgeler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwrebap dowam etdirilýär.  

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türki halklaryň dili, edebiýaty, çeper-edebi gymmatlyklary giňden öwredilýär. Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy öwretmek mukaddes borjumyzdyr.

Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda bellemeli wakalaryň biri hem 2024-nji ýylyň 12-­nji martynda paýtagtymyzda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15­-nji mejlisiniň geçirilmegi, şeýle hem 2024­-nji ýylda Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paý­tagty» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň syýasatynda uly waka öwrüldi. Biziň bilşimiz ýaly, Änew şäheri taryhda galkynyşlaryň hem-de ösen medeni ojaklaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eserinde türki halklaryň taryhynyň, medeniýetiniň, diliniň, däp-dessurynyň ýakynlygyny alamatlandyrýan ýazuwly çeşmelerimiziň bolandygy nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türki dünýä köki zeminiň çuň­luklarynda berkarar bolan, şahalary dünýä giňişligine gol ýaýradan goja daragta meňzeýär. Halkymyzyň arasynda: «Daragt kökünden suw içer» diýen pähim bar. Müňýyllyklary öz içine alýan bir bitewi taryh, ruhy ­medeni ýakynlyklar, umumy gymmatlyklar bu daragtyň köklerine dirilik suwy — aby-­haýat bolup ýetýär. Güýçli döwletler bilelikde has uly kuwwata eýedir. Bu gün doganlyk döwletleriň syýasy erk-­eradasy beýik geljegiň hatyrasyna bir asylly maksat ugrunda birleşip, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) düýp esaslaryny, Ýewraziýa giňişligindäki täsirli ornuny has-­da pugtalandyrýar» diýen sözlerinden görnüşi ýaly, bu abraýly guramanyň alyp barýan işleri türki halklaryň baý taryhy mirasyna belent sarpanyň ýüze çykmasydyr, iň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmesidir.

Türki dilli halklaryň meşhur alymy Mahmyt Kaşgarynyň «Türki dilleriň diwany» («Diwany lugat et-türk») atly diwany türki halklaryň durmuşyny, medeniýetini, ahlak gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenmäge gözli çeşmedir. Alym sözleriň manysyny, gelip çykyşyny, manylaryň üýtgeýşini düşündirmek bilen birlikde türkmen we beýleki türki dilli halklaryň nakyllary, şygyr bölekleri, rowaýatlary ýaly halk döredijilik eserleriniň uly toplumyny hem kitabyna girizipdir. XI asyryň beýik alymy Mahmyt Kaşgarly bu diwanynda ulanan nakyllaryny, şygyr böleklerini, rowaýatlaryny, çeper maglumatlaryny il arasyndan ýazyp alypdyr.   Beýik alymyň ýazyp alan halk döredijiligine, edebiýatyna degişli gymmatlyklary türkmen halkynyň söz baýlygyny, aýry-aýry žanrlaryň döreýşini we ösüşini ylmy taýdan esaslandyrmakda möhüm çeşme hasaplanýar. Biziň instututymyzda Mahmyt Kaşgarynyň diwanynda Muhammet Alynyň “Bu Oguznama” atly nakyllar ýygyndysynda, Oguz-Orhon ýazgylarynda, şeýle hem gadymy kyssalarda beýan edilen ahlak gymmatlyklary häzirki döwür bilen baglanyşykly talyplara düýpli bilim berilýär. Häzirki zamanda ÝUNESKO-nyň halklary dostlaşdyrmak, doganlaşdyrmak, ýurtda agzybirligi saklamak baradaky işleri uly ähmiýete eýedir. Dil meselesi ÝUNESKO-nyň strategiýalarynyň biridir. Samarkant şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji plenar mejlisinde “15-nji dekabr – Türki dilleriniň güni” diýlip kabul edildi. Her ýylda belleniljek bu baýramçylyk türki dilli halklarynyň taryhynda, dilinde, medeniýetinde ýakynlygyny görkezýän gün bolar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynda hem şu baýramçylygyň her ýylyň 15-nji dekabrynda giňden belleniljekdigini uly buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär.     

Bu baýramçylyk ýönelige 15-nji dekabrda bellenmeýär. Sebäbi bu türki dilli halklaryň diliniň ylmy dolanyşyga giren döwri bilen baglanyşyklydyr. 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenilip başlanýar. Türkmen diliniň, edebiýatynyň we taryhynyň, etnografiýasynyň, arheologiýasynyň halkyň taryhy ýaly gadymydygyny, çeperdigini ykrar edýän türki dilli ýazuw ýadygärlikleri uly ähmiýete eýedir.

Türki döwletleriň 26-synyň, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň goldamagy esasynda kabul edilen bu sene halklaryň arasynda dialogyň üsti bilen parahatçylygy öňe sürmekde, dil we medeniýet ýakynlygyny görkezmekde möhüm çeşme bolar. 

Häzirki günde 200 milliondan gowrak adam türki dillerde gürleýär. ÝUNEKO-nyň düzümine girýän 194 döwletde, şol sanda Wengriýada bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi.

Türki dilleriň güni türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasynyň, däp-dessurlarynyň we ahlak sütünleriniň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berer.

Türki halklaryň durmuş tejribesi, bilimi döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleri kabul etmäge, sebit we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbi­ýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu gatnaşyklaryň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar.

Dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary has-da ilerletmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!