Bildiriş

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedralarynda boş iş ornuna pedagogik işgärlerini saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär!

Iňlis dili, Iňlis filologiýasy, Daşary ýurt edebiýaty kafedralarynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Filolog, iňlis dili mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly. 

Rus dili, Rus edebiýaty, Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedralarynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Filolog, rus dili we edebiýaty mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly. 

Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Filolog, ýapon dili mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly.

Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly.

Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Filolog, nemes dili mugallymy” ýa-da “Filolog, fransuz dili mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly.

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Taryh mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly.

Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy wezipesini eýelemek üçin dalaşgäriň “Bedenterbiýe mugallymy” hünäri boýunça ýokary bilimi (okuwyň möhleti 5 ýyl) bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň işgärler bölümine arza bermeli. Bäsleşik 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 25-ine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler.