«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň täze sany çapdan çykdy
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň 2026-njy ýyldaky 1-nji sany internet ulgamy arkaly halk köpçüligine ýaýradyldy.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylmagynyň ähmiýetine, şygaryň mazmunynda türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklarynyň, döwlet berkararlygynyň sütünleri bolan Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň, şeýle hem milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň eýeleýän ornuna bagyşlanan makala žurnalyň ilkinji sahypalarynda öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik tutumlarynyň netijesinde bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegine giň ýol açylýar. Munuň saýasynda türkmenistanly we daşary ýurtly bilim işgärleri öz ylmy garaýyşlaryny, täzeçil başlangyçlaryny halkara neşirleriň üsti bilen yzygiderli beýan etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Şeýle mümkinçilikleriň meýdançasy bolan «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň şu sanynda okyjylar awtorlaryň dil bilimi, terjimede dil serişdelerini ýerlikli ulanmagyň esaslary, sanly bilimde emeli aňyň tutýan orny, orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman usullary hem-de psihologiýanyň okuw prosesi bilen arabaglanyşygy barada ylmy garaýyşlary özünde jemleýän makalalaryny okap bilerler.
Türkmen we daşary ýurt edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligindäki edebi täsir meselesi bilen baglanyşykly pikirler, ussat ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini didaktik gollanma hökmünde ulanmagyň aýratynlyklary we olary seljermekde ulanylýan usullar baradaky ylmy garaýyşlar makalalaryň täsirliligini has-da artdyrýar.
Elektron žurnalyň geljekki sanlarynda-da filologiýanyň meselelerine, okatmagyň döwrebap we işjeň usullaryna, dil bilimine, terjime nazaryýetine we amalyýetine, pedagogika we psihologiýa degişli ylmy-usuly makalalary okyjylara ýetirmek göz öňünde tutulýar.


