HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE ÄDIMLERI

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen akademiki we medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, dil ukyplaryny we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegine döredilýän şeýle giň mümkinçilikleriň çäklerinde institutyň talyplary halkara tejribelik maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şeýle mümkinçilikleriň saýasynda ýola goýlan «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň Filosofiýa III-pedagogika ylmy fakultetiniň arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň» çäklerinde nobatdaky halkara okuw-tejribelik maksatnamasy ýokary derejede amala aşyrylýar. 

Ikitaraplaýyn ylalaşyga esaslanyp, 2026-njy ýylyň 29-njy iýunyndan 12-nji iýuly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde ýerleşýän Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetinde geçirilýän hünär tejribeligine Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili hünärinde okaýan işjeň we zehinli talyplarynyň 15-si öz bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik gazandylar. 

Guralýan okuw-tejribelik maksatnamasynyň esasy maksady talyplaryň nemes dili boýunça amaly ukyplaryny we pedagogik başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Okuw döwründe talyplar jemi 72 sagatdan ybarat bolan intensiw sözleýiş tejribeligini geçýärler. Bu bolsa olara häzirki zaman lingwistik usullary bilen ýakynlaşmaga we bilim ulgamyndaky täze amalyýetleri özleşdirmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen birlikde, taraplaryň bilim ulgamyndaky özara amaly we ylalaşykly mümkinçilikleri geljekde bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmaga, professor-mugallymlaryň tejribe alşylmagyny guramaga hem-de talyplaryň akademiki mobilligini has-da ýokary derejä çykarmaga uly itergi berýär.

Halkara derejede guralýan bu tejribelik maksatnamasy institutyň professor-mugallymlar düzüminiň we talyplarynyň dünýäniň öňdebaryjy ylmy-pedagogik tejribelerinden peýdalanmaklarynda, döwrebap bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklerinde, şeýle-hem türkmen we nemes halklarynyň arasyndaky dostlukly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.