Hünär kämilligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Ajaýyp döwrüň belent maksatlary ylym-bilime daýanmak arkaly amala aşyrylýar. Kämil hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak we öňde goýlan wezipelere ýetmek ulgamynyň binýadynda bolsa mugallymlaryň hünär kämilligi durýar. Hut şoňa göräde, ylym-bilim ulgamynda kämil hünärmenleri taýýarlamak üçin mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Britan Geňeşiniň we Nottingem Trent uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada iňlis dilini çaltlaşdyrylan usulda öwretmek” (AELLCA) taslamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 14 mugallymy 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aralygynda iňlis dilini okatmagyň häzirkizaman usulyýetleri boýunça çuňlaşdyrylan onlaýn okuwlary geçdiler. Okuwlar  Britan uniwersitetiniň hünärmenleri Stiw Şarpyň we doktor Sem Barkliniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Okuwlar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylara Kembrij synag merkeziniň TKT (Teaching Knowledge Test) okatmak usulyýeti boýunça halkara synagy üstünlikli tabşyrandyklary üçin Kembrij nusgasyndaky resmi sertifikatlar gowşuryldy. 

TKT — bu iňlis dilini öwretmegiň belli ugurlaryndaky bilimiňi barlaýan modully mugallymçylyk şahadatnamalarynyň toplumydyr. TKT dünýä derejesinde ykrar edilýän şahadatnama hasaplanýar.

Ýurdumyzda bilim işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän we bu ugurda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, aýdyň maksatly belent tutumly işleri uly üstünliklere beslensin!