Iňlis dili mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyryldy
Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarylandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmeli” diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynynanyşmak ýylynyň maý aýynyň 5-10-y aralygynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary üçin daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçirdi.
Bu usuly okuw daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýeti boýunça iňlis dilinde alnyp baryldy. Amaly sapaklar institutyň mugallymlary we onlaýn sapaklar Britaniýanyň Norwiç şäherindäki Norwiç Bilim institutynyň (NILE) maslahatçysy, professor Wendy Coulson, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin daşary ýurt dilleri we maglumat tehnologiýalary uniwersitetiniň Ylmy barlaglar we okuw-usuly institutynyň direktory, professor Nguýen Ngok Wu tarapyndan geçirildi. Iňlis dili mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu usuly okuw iňlis diliniň grammatikasyny, sözleýiş medeniýetini, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça giňişleýin ylmy maglumatlar esasynda alnyp baryldy.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň okatmagyň dürli usullaryny kämilleşdirip, nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde pugtalandyrmaga uly mümkinçilik beren bu hünär kämilleşdiriş okuwlary ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny, ony öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyryp, ýaş nesliň dil biliminiň ösdürilmegine itergi berer.
Okuwyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim işgärlerine döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.