KÄMIL HÜNÄRE TARAP ÄDIM: Diller dünýäsinde «Açyk gapylar» güni

Ýurdumyzdaky giň gerimli bilim özgertmeleri mynasyp durmuşa geçirmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2026-2026-njy okuw ýylynyň uçurymlaryny we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň 1-nji we 6-njy maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Bu tanyşlyk günlerinde gatnaşyjylar institutyň fakultetleri, kafedralary we bu ýerde okadylýan dilleriň aýratynlyklary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary, şeýle hem sanly bilim ulgamynyň täze mümkinçilikleri, institutda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» ÝUNESKO klubynyň işi bilen ýakyndan tanyş bolarlar. Şeýle hem  ýaşlaryň gatnaşmagynda TEDx hem geçiriler.

Institut bilen tanyşlyk dabarasynda ýaşlaryň ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan giň gerimli işleriň miweleri öz beýanyny tapar. Talyplaryň halkara olimpiadalarda we ylmy bäsleşiklerde gazanan üstünliklerini, dünýä halklarynyň medeniýetini şöhlelendirýän sergiler dalaşgärlerde uly täsir galdyrar. Bu çäre ýaşlara geljekki hünärini dogry saýlamaga we talyp durmuşynyň gyzykly pursatlaryny öňünden duýmaga ýardam eder.

 

Salgysy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.

Telefon belgisi: +99312 36-84-08