Kanunçylyk binýatly bilim ulgamy

Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň arasynda zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyrjy hukuk namalary boýunça Türkmenistanyň Baş prokraturasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikdäki wagyz-nesihat çäreleriniň geçirmegiň iş meýilnamasyna laýyklykda institutyň uly mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Baş prokraturasynyň wekili Bilimi kadalaşdyryjy hukuk namalary we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik barada giňişleýin, subutnamaly we mysallar arkaly şu okuw ýylynda uçurym boljak, 4-nji ýyl talyplara düşündirdi. Talyplaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap bermek bilen, ýaş hünärmeni işe ýollamakda we iş ýerine ýerleşmek, iş ýüki bilen üpjün edilmegi barada hem täsirli maglumatlary berdi.

Duşuşygyň ahyrynda, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara mugallymçylyk ýolunda kämillige ýetmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar we jan saglygyny, uzak ömür, döwletli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.