“Koreý diliniň suhangöýlik sungaty” bäsleşigi geçirildi

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlar bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamda hem netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar.

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 16-njy gezek “Koreý diliniň suhangöýlik sungaty” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň hormatly myhmanlary hökmünde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ji Kýu-Tek, onuň maşgalasy we Ilçihananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Dabara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň we jenap Ilçiniň gutlag sözleri bilen başlady. Jenap Ilçi öz çykyşynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize minnetdarlyk bildirdi.

Bäsleşige koreý diliniň başlangyç we orta derejeleri boýunça 12 sany talyp gatnaşyp, olardan 1-nji, 2-nji, 3-nji orun alan ýeňijilere degişlilikde I, II, III derejeli Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!