Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersiteti tarapyndan geçirilýän Halkara bilim maslahaty
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara gatnaşyklaryny ýokary derejede ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyz Koreýa Respublikasy bilen medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyň we bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 3-6-njy noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersiteti tarapyndan geçirilýän Halkara bilim maslahatyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowanyň we Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň direktory Mylaýym Hudaýnazarowanyň gatnaşmaklary gerimi giňeldilýän ynsanperwer we dostana gatnaşyklaryň köpugurly häsiýetine şaýatlyk edýär.
4-nji noýabrda Halkara bilim maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň rektory giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra söz nobaty Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäheriniň häkimine berildi.
Halkara bilim maslahatynyň işi çykyşlar bilen dowam etdi. Maslahatyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory S.Batyrowa söz berildi. Ol öz çykyşynda daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlary we ussat terjimeçileri taýýarlaýan ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, institutyň düzümi, taýýarlygyň ugurlary, diller dünýäsine öwrülen bilim ojagynda sanly bilimiň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanyp, häzirki döwürde talyp ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri özleşdirmegi, amaly endikleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalara erk etmegi, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we innowasion tehnologiýalary öwrenmegi üçin döredilýän amatly şertler, halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelmeginiň, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ähtnamalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasynda ýola goýlan akademiki alyş-çalyş arkaly dilleri öwretmegiň usulyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilişi, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Şeýle hem, Kangwon milli uniwersitetinde guralan giň sergide türkmeniň ajaýyp haly önümleri, gelin-gyzlaryň gadymy şaý-sepleri, milli el işleriň dürli nusgalary goýuldy. Maslahata gatnaşyjylar sergä aýlanyp gördüler. Daşary ýurt döwletlerinde guralýan şeýle halkara sergiler bolsa Türkmenistanyň parahatçylyga we ynanyşmaga çagyryşyny görkezip, döwletimiziň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.


