Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde geçirilen okuwlar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary D.Kakalyýew we A.Hojanazarow 2026-njy ýylyň 7-14-nji fewraly aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Nottingem şäherinde Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde geçirilen okuwlara gatnaşdylar.

Okuwlaryň dowamynda mugallymlar Nottingem Trent uniwersitetinde alnyp barylýan inklýuziw bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşdylar. Saparyň çäginde uniwersitetiň professorlary hem-de inklýuziw bilim boýunça alnyp barylýan işleriň jogapkär mugallymlary bilen duşuşyklar hem geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda inklýuziw bilimi guramak, aýratyn bilim zerurlyklary bolan talyplar bilen işlemek, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde deň mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat alyndy.

Şeýle hem wekiliýet agzalary Nottingem şäheriniň döwlet mekdeplerine baryp gördüler. Hususan-da, Delta Academies Trust bilim guramasyna degişli “Carlton le Willows Academy” orta mekdebinde alnyp barylýan inklýuziw synp dolandyryşynyň amaly usulyýetleri bilen tanyşdylar. Mugallymlar mekdepde geçirilen sapaklara gatnaşyp, inklýuziw synplarda okuw işiniň guralyşy, aýratyn zerurlyklary bolan okuwçylar bilen iş usullary hem-de pedagogik goldaw çäreleri barada tejribe alyşdylar we mekdep mugallymlarynyň hem-de ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini öwrendiler.

Saparyň dowamynda Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary bilen bilelikde ýokary okuw mekdebimiziň Daşary ýurt dilini okatmagyň usulyýeti (iňlis dili) dersiniň okuw maksatnamasyna girizilmegi meýilleşdirilýän inklýuziw sapaklaryň ders ýazgylary hem-de okuw materiallary taýýarlanyldy.

Netijede, iş sapary inklýuziw bilimi ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Alnan tejribeler geljekde degişli okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmekde hem-de inklýuziw bilimiň hilini ýokarlandyrmakda giňden peýdalanylar.