«Terjime – medeniýetleriň dialogy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Terjime – medeniýetleriň dialogy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Onuň esasy maksady talyplaryň saýlap alan hünärlerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmakdan we olaryň terjimeçilik başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylar institutda öwrenilýän 13 sany daşary ýurt dilinden (iňlis, rus, italýan, ispan, fransuz, nemes, hytaý, koreý, ýapon, hindi, arap, pars we türk dilleri) tanymal daşary ýurtly ýazyjylaryň öň çap edilmedik eserlerinden alnan bölekleriň çeper terjimesini türkmen diline ýerine ýetirmeli boldular.

Bäsleşigiň eminler topary terjime işlerine tekstiň mazmunynyň takyk berlişini, stilistik talaplara laýyklygyny hem-de türkmen edebi diliniň kadalarynyň berjaý edilişini seljermek arkaly baha berdi. Eminler toparynyň düzümine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň daşary ýurt dilleri mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň redaksiýasynyň terjimeçileri girdiler.

Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň adyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şemşat Azadowa (I orun), Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Humay Muhaýewa (II orun), Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Arslan Tejenow, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Merýem Meredowa hem-de Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Merjen Gubaýewa (III orun) bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Bäsleşige gatnaşyjylar üçin aýratyn höweslendiriji ýagdaý hökmünde iň gowy işleriň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalda çap edilmegi üçin hödürlenjekdigi bellenildi.

Geçirilen bäsleşik talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan uly gyzyklanmasyny görkezmek bilen çäklenmän, dünýä edebiýatyny türkmen dilinde wagyz etmekde möhüm ädim bolup hyzmat etdi hem-de medeniýetleriň özara düşünişmeginiň köprülerini berkitdi