TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUGYNYŇ DABARALANMASY

Bedew batly Diýarymyzda goňşy we doganlyk ýurtlar bilen ýola goýulýan diplomatik hem-de medeni gatnaşyklaryň rowaçlyklara beslenmegi netijesinde Türkmenistan döwletimiziň Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ýokary derejelere ýetýär. Iki ýurduň milli-medeni gymmatlyklaryna, asylly däp-dessurlaryna belent sarpa goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Özbek diliniň gününe bagyşlanan dabaraly baýramçylyk çäresi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu çäre iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy kökleriň, medeni we ruhy baglanyşyklaryň häzirki wagtda has-da berkändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Dostluk ruhuna beslenen dabarada edilen çykyşlarda türkmen we özbek halklarynyň asyrlar aşyp gelýän dostluk, doganlyk we özara ynanyşmak däpleriniň döwlet derejesinde pugtalandyrylýandygy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň diňe üstünliklere beslenýändigi, dilleriň we medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrýandygy buýsanç bilen nygtaldy.

Dabaranyň dowamynda institutyň dilçi ýaşlary, “Altyn miras” medeniýet merkeziniň zehinli talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmen-özbek dostlugy – ene dilleriň dowamaty” atly edebi-sazly kompozisiýa, türkmen we özbek halklarynyň milli tanslarydyr ajaýyp aýdymlary, ene diliň gadyr-gymmatyny wasp edýän goşgular dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dostlukly çäräniň iň möhüm pursatlarynyň biri hem dilçi talyplaryň arasynda yglan edilen “Türkmenistan we Özbegistan: taryhy kökler, umumy geljek” atly esse bäsleşiginiň netijeleriniň jemlenilmegi boldy. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň III ýyl talyby Leýli Durdyýewa Baş baýraga, Rus dili we edebiýaty fakultetiniň III ýyl talyby Aziza Kurbanbaýewa birinji orna, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby Leýli Öwlýagulyýewa ikinji orna, Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby Amangül Toýlyýewa üçünji orna mynasyp boldular.

Ruhubelentlige beslenen çäre türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk hem rowaçlanjakdygyny, dillerimiziň, medeniýetimiziň we dostlugyň müdimilik ýaşajygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny ak geljege atarýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.