Türkmen talyplary Hindistan Respublikasynyň Agra şäheriniň Hindi diliniň merkezi institutyna 1 ýyllyk okuw saparyna iberildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň dostlukly hyzmatdaş döwletleriniň biri hem Hindistan Respublikasydyr.
Türkmenistany Hindistan bilen hoşniýetlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk gatnaşyklar birleşdirýär.
Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda degişli maksatnamalar boýunça göni aragatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurlardaky mümkinçilikleri artdyrmak meselelerine möhüm üns berilýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika bilimi (hindi dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary Hindistan Respublikasynyň Agra şäheriniň Hindi diliniň merkezi instituty tarapyndan 2025-2026-njy okuw ýyly üçin teklip edilen “Hindi dilini daşary ýurda ýaýratmak” atly maksatnamasynyň çäginde okuw saparyna iberildi.
Şunuň ýaly maksatnamalar bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.
Türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim, zehin we dil babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli mümkinçilikleri döredýän, ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini barha belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!