Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça geçirilen III olimpiadanyň jemleri jemlendi
Türkmenistanda dilleri okatmak ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döwlet we halkara derejesindäki dil bäsleşiklerini guramaklary zehinli hem-de ýokary taýýarlykly ýaşlary ýüze çykarmagyň netijeli usuly hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şu günler hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen ýokary synp okuwçylaryny bir bäsleşik meýdançasynda birleşdirip, Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça III olimpiadany geçirdi.
Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyryň çäklerinde okuwçylar esse ýazmak boýunça bäsleşdiler. Iň gowy işleriň awtorlary, ýagny ýurdumyz boýunça 25 okuwçy ikinji tapgyryň gatnaşyjylary boldular. Olar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna çagyryldylar. Okuwçylara bu ýerde medeni maksatnama bilen birlikde rus diliniň ähli bölümlerinden soraglary öz içine alýan II tapgyryň ýumuşlar toplumy taýýarlanyldy. Olimpiadanyň netijeleri institutda Rus dili hepdeligine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çärede yglan edildi. Birinji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ataýewa Aýlar mynasyp boldy. Ikinji orna Aşgabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Pozdnýakowa Sofiýa we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ýelliýewa Zuhra mynasyp boldular. Üçünji orna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nuryýewa Aýlar, Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şamanowa Selbi hem-de Aşgabat şäheriniň 69-njy orta mekdebiniň okuwçysy Agamyradowa Enejan mynasyp boldular. Olimpiadanyň ýeňijilerine we jemleýji tapgyrynyň gatnaşyjylaryna degişli diplomlar we hormat hatlary, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olar hormatly Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdiler.