Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri PRESETT maksatnamasy boýunça sebitara okuw maslahatyna gatnaşdylar

Ýurdumyzda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak, halkara tejribäni öwrenmek we bilim ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Britan Geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde «Geljekki iňlis dili mugallymlary taýýarlamak» (PRESETT) atly maksatnamasy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň agzalan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Britan Geňeşiniň Baş direktory Skott Makdonald bilen duşuşyp, öz ýokary okuw mekdeplerinde işlenip taýýarlanan okuw maksatnamalarynyň taslamalaryny tanyşdyrdylar. Duşuşyk A.Awloni adyndaky Milli pedagogik ussatlyk institutynda geçirilip, oňa Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan PRESETT ugry boýunça iş alyp barýan 30 sany milli geňeşçi gatnaşdy.

AELLCA taslamasynyň çäklerinde bäş ýurduň milli geňeşçileri iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak boýunça okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda işleýärler. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar mugallymlaryň üznüksiz hünär ösüşiniň (CPD) ähmiýeti, geljekki mugallymlary taýýarlamagyň ähli tapgyrlarynda refleksiw we inklýuziw çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy, şeýle hem pedagogik başarnyklara baha bermegiň netijeli usullary barada pikir alyşdylar. Şeýle-de milli hünärmenleriň bu ugurdaky işlerde eýeleýän möhüm orny nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar alyp barýan işleriniň gidişi we AELLCA taslamasynyň milli derejede PRESETT ulgamynyň özgertmelerine ýetirýän täsiri barada gysgaça çykyş etdiler.

Türkmenistanda AELLCA taslamasynyň çäginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda täze okuw maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we ol 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap okuw işine ornaşdyryldy. Täze maksatnama amaly taýýarlyga gönükdirilip, onda okuw netijeleri täzelenýär, usulyýet taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär hem-de inklýuziw bilimiň ýörelgeleri göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Norwiç dil bilimi instituty (Norwich Institute for Language Education) tarapyndan milli geňeşçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň tapgyry hem geçirildi. 

Goý, Watanymyzy uly rowaçlyklaryň, bilimli nesilleriň mekanyna öwren, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!