«Ylym – ösüşleriň özeni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tagallalary netijesinde türkmen ylmy ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ata Watanymyzda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda döwletli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris» diýip, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişdedigini, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny nygtaýar.
5-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – ösüşleriň özeni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işi umumy mejlisden we «Ylym-bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýadydyr», «Türkmenistanda dünýä dillerini öwretmegiň ylmy-usuly esaslary», «Ylym kuwwatyny berkitmekde innowasion tehnologiýalaryň orny», «Şöhratly taryhymyza, nusgawy edebiýatymyza we milli sungatymyza egsilmez sarpa» atly bölümleriň dördüsinden ybarat boldy.
Maslahatda ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilişi, dilleri degşirip öwretmegiň derwaýys meseleleri, talyplarda baglanyşykly sözleýşi ösdürmegiň innowasion usullary, ÝUNESKO-nyň sanawyndaky milli-medeni mirasymyzyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, taryhdaky ylmy ojaklary, ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler, Türkmenistandaky döwrebap ylmy-barlag merkezleri, türkmen ylmyny ösdürmekde talyp ýaşlaryň orny, Biruny we onuň orta asyrlardaky ylmy açyşlary, häzirki zaman ylmynyň ösüşi, pedagogikanyň innowasion usullarynyň sapakda peýdalanyş aýratynlygy, Magtymguly Pyragynyň ylmy garaýyşlary, okatmagyň ylmylyk ýörelgesini amala aşyrmagyň pedagogik esaslary, bilimiň basgançaklarynda okatmagyň innowasion tehnologiýalary, Abu Aly ibn Sinanyň dil hakyndaky ylmy garaýyşlary bilen baglanyşykly çykyşlar diňlenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.