Säher çagy asmanyň ýüzünde ýyldyzlar sönüp, şapak giň äleme ýaýylanda türkmen sährasyna aýratyn bir nur çaýylýar. Ol nur — azatlygyň, erkinligiň we mukaddes Garaşsyzlygyň nury.
Her bir halkyň taryhynda onuň ykbalyny, geljegini we mertebesini kesgitleýän şanly seneler bolýar. Emma türkmen halky üçin Garaşsyzlyk — diňe bir taryhy sene däl. Ol – pederlerimiziň asyrlarboýy kalbynda beslän, ugrunda janyny pida eden iň beýik, iň mukaddes arzuwynyň hasyl bolmasydyr. Ol Gorkut atanyň gopuzynyň owazynda, Görogly begiň namasynda, Magtymguly Pyragynyň ylahy ylhamynda, merdana pederlerimiziň guran kuwwatly döwletleriniň binýadynda ýaşan barlyk güýjüdir.
1991-nji ýylyň tylla güýzünde Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanmak bilen, täze bir ak ýola gönügip, özbaşdak ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Bu mukaddeslik halkymyzyň milliligini, dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmäge, dünýä medeniýetiniň sahnasyna täzeçe milli öwüşgin bilen çykmaga giň mümkinçilikler döretdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa, Garaşsyzlygymyzyň kuwwatly ganatyna öwrülip, eziz Diýarymyzy sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pajarlaýan merkezine öwürdi.
Taryh üçin 35 ýyl gysga ýaly bolup görünse-de, Garaşsyz Türkmenistanda bu döwür içinde asyrlara barabar işler bitirildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher Arkadag, galyberse-de, ençeme bina-desgalar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berildi, sebitde iň uly zawod-fabrikler, halkara ykdysady desgalar we dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän ylym-bilim ojaklary açylyp, dünýä uzaýan täze ýollar guruldy. Bu bolsa her bir ýylyň ýurdumyz üçin şanly taryha öwrülendiginiň we arzyly Garaşsyzlygyň halkymyza beren miweleriniň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň hasyl bolan köňül arzuwydyr, galkynan ykbalydyr» diýen ganatly jümleleri bu aýdylanlary aýdyň tassyklaýar. Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk — diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, ýurduň erkinligidir, öz topragyňda öz saýlan ýoluň bilen dünýä çykmakdyr.
Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlarboýy gorap saklan mukaddes topragynda Garaşsyzlygyň saýasynda agzybirligiň we parahatçylygyň ajaýyp owazy ýaňlanýar. Şeýle mukaddeslikden galkynan ýoluň ýalkymynyň äleme dolýandygyny Garaşsyzlyk baýramymyzyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde hem uly dabara bilen bellenilýändigi-de aýdyň görkezýär. Ýagny dürli ýyllarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly seneleri mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäde iň beýik «Burj Halifa» binasynda, paýtagt şäher Abu-Dabiniň gökdiräninde ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň ajaýyp şekili şöhlelendirildi. Şeýle hem, Türkiýäniň paýtagty Ankaranyň iň beýik binalary bolan Türkiýäniň söwda-senagat we biržalar birleşiginiň binasynda, Kataryň dünýä meşhur myhmanhanasynda, Gruziýanyň paýtagty Tblisiniň teleýaýlymlar binasynda ýaşyl tugumyzyň ajaýyp şekili janlandy. Mundan başga-da, dünýä syýahatçylarynyň arasyndaky meşhurlyga eýe bolan Türkiýäniň Kapadokiýa şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!», «Ýaşasyn, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklary!» ýazgyly howa şarlary asmana uçuryldy.
2025-nji ýylda bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranyň Azady meýdançasynda Döwlet baýdagymyzyň şekiliniň yşyklandyrylyşy guraldy. Şol pursatda ýurdumyzyň Döwlet senasynyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan! atly aýdymynyň ýaňlanmagy, ýurt garaşsyzlygymyzyň mukamy bolup köňüllere ornady. Munuň özi, döwletimiziň halkara abraýyny görkezmek bilen birlikde, her bir türkmen raýatynyň, aýratyn hem biz — ýaşlaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar. Bu bolsa berkarar Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär.
Paýtagtymyz Aşgabadyň görküne görk goşýan Garaşsyzlyk binasy hem biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygyň goýnunda erkin dem alýandygynyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň simwoliki beýanydyr. Onuň belentligi we gurluşyndaky milli öwüşginler halkymyzyň geçmiş taryhyny, şu günki bagtyýarlygyny we geljekki nesilleriň beýik maksatlara tarap barýan ynamly gadamlaryny özünde jemleýär.
Umuman, Garaşsyzlyk biziň her birimiziň ýüregimizdäki Watana bolan söýginiň öçmejek alawy bolup, berkarar döwletimizi has-da belent sepgitlere alyp barýar. Şeýle sepgitleri ýurdumyza peşgeş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ähli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!