«HAKYDA GÖWHERI» – ZEHIN JÖWHERI

02.06.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby Watanymyzyň şöhratly buýsanjy bolup, halkymyzyň beýik taryhyny, baý medeni mirasyny, milli we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp mirasdyr. Eziz Diýarymyzyň üstünliklere beslenýän her bir güni taryhyň altyn sahypalaryna ýazylyp, barha gözelleşýän durmuşyň göwherleri kimin hakydalarda orun alýar. Bu bolsa biziň milli buýsanjymyzyň, röwşen geljegimiziň, bagtly ýaşaýşa bolan ynamymyzyň mizemez binýadydyr.

Eseriň «Taryha syýahat» atly ilkinji babynda taryhy maglumatlar esasynda adamzat taryhynyň ösüşine hem-de galkynyşyna möhüm täsirini ýetiren gadymy Änew medeniýeti, Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galasy, bürünç zamanynyň medeni ojaklary bolan Altyndepe we gadymy Marguş siwilizasiýalary, beýik Seljuklar hem-de Horezmşalar döwri barada gyzykly maglumatlar berilýär.

Kitabyň «Ruhy miras» atly babynda bolsa, halkymyzyň baý milli mirasy barada giňden gürrüň edilýär. Alym Arkadagymyzyň: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýen ajaýyp sözlerinde halkymyzyň mirasyna bolan belent mertebesiniň milli buýsanç arkaly kemala gelýändigi bellenýär. Şeýle hem türkmeniň ahalteke bedewine, halysyna, sazyna bolan edebi garaýyşlar eserde uly orun tutýar.

Eseriň her bir setirinde Watana bolan söýgi şöhlelenýär. Watan mukaddesligi has-da janlanyp, onuň özünde gymmatly maglumatlary jemleýän türkmen halkynyň beýik taryhy, baý milli medeni mirasy hakynda söhbet edilýär. Onda beýan edilýän täsirli wakalarda, berilýän ylmy maglumatlarda, tebigat gözelliklerinde, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynda Watana bolan mizemez söýgi jemlenendir. Çünki «Hakyda göwheri» halkymyzyň taryhy buýsanjydyr. Eserde häzirki döwürde  halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy geçirmekligiň möhümdigi nygtalýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepaly bolmagy öz gursagyna guýan nesilleriň bu mekanda dostlugyň, agzybirligiň, rowaçlygyň höküm sürmegi üçin yhlas edýändikleri buýsançly nygtalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Size göwündäki barymy berýärin, ata-babalaryň durmuş pähim-paýhasynyň beýanyny teswirlemek mertebedir. Halkyň milli mirasyny köňül bilen duýup, aňyňda saldarlasaň, munda baýlyk käni bardyr» diýen dürdäne sözleri biz ýaş mugallymlara mundan beýläk-de, bar gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy, zehin-döredijiligimizi gaýgyrman halkymyza, Watanymyza hyzmat etmäge ruhy goldaw berýär.

Goý, Watanymyzyň şöhratly taryhyny, milliligini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!