PEDAGOGIK PIKIRLERIŇ NAZARY HEM-DE AMALY ESASLARY

24.04.2026

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşiniň esasy strategik ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan bilim syýasaty milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu ýagdaý bilim ulgamynyň diňe bir guramaçylyk gurluşynyň däl, eýsem, onuň nazary-metodologik binýadynyň hem täzeden seljerilmegini talap edýär. Şeýle şertlerde pedagogika ylmynyň taryhy ösüş ýoluna ýüzlenmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi häzirki döwürde üstünlikli hasaplanýan köp sanly pedagogik ýörelgeler XIX asyrda kemala gelen nazaryýetlere daýanýar.

XIX asyr pedagogika ylmynyň ösüşinde öwrülişik döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Hut şol döwürde pedagogika aýratyn ylmy ulgam hökmünde kemala gelip, şahsyýetiň sazlaşykly ösüşi, bilim bilen terbiýäniň bitewüligi, teoriýa bilen tejribäniň arabaglanyşygy, milli aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy ýaly ýörelgeler giňden işlenilip başlandy. Bu ideýalar häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilen utgaşyp, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şeýlelikde, taryhy pedagogik miras bilen häzirki zaman sanly bilim giňişliginiň özara täsiri häzirki ylmy barlaglaryň möhüm ugruna öwrülýär.

XIX asyr pedagogik pikirleriniň nazary mazmuny

XIX asyr pedagogik pikirleriniň ösüşi birnäçe görnükli alymlaryň döredijiligi bilen berk baglanyşyklydyr. Şolaryň arasynda Ý.G.Pestalozzi, F.Fröbel, K.D.Uşinskiý, J.Deweý we M.Montessori ýaly şahsyýetleriň hyzmaty aýratyn bellenilmelidir. Bu alymlaryň pedagogik garaýyşlary diňe öz döwrüniň çäklerinde galman, eýsem, häzirki döwürde hem ylmy taýdan seljerilýän we amaly taýdan peýdalanylýan nazary binýady emele getirdi.

Ý.G.Pestalozzi tarapyndan öňe sürlen sazlaşykly ösüş konsepsiýasy şahsyýetiň akyl, ahlak we beden taýdan bitewi ösdürilmegini esasy maksat hökmünde kesgitledi. Onuň pikirine görä, bilim tebigy ösüş kanunlaryna laýyklykda guralmalydyr. Şeýle çemeleşme häzirki wagtda şahsyýet merkezli pedagogikanyň nazary binýadyny emele getirýär. F.Fröbel bolsa çaga ösüşiniň döredijilik häsiýetini öňe sürüp, oýun arkaly öwretmegiň pedagogik mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Häzirki döwürde sanly oýunlaşdyrma tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy bu ideýanyň döwrebap görnüşidir.

Rus pedagogikasynyň ösüşinde möhüm orun eýelän K.D.Uşinskiý milli bilim ideýasyny ylmy taýdan esaslandyrdy. Onuň pikirine görä, bilim halkyň taryhy, dili we medeniýeti bilen berk baglanyşykly bolmalydyr. Şeýle hem, ol teoriýa bilen tejribäniň birligini pedagogikanyň esasy şerti hökmünde kesgitledi. Bu ýörelge häzirki döwürde okuw prosessinde maglumat-kommunikasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen täze mazmuna eýe bolýar, sebäbi sanly gurşaw talyba diňe maglumat almak däl-de, eýsem, ony amaly taýdan ulanmak mümkinçiligini hem döredýär.

Amerikan pedagogik pikiriniň wekili bolan J.Deweý bilimi jemgyýetiň ösüşi bilen bilelikde seljerdi. Onuň bilim baradaky ideýasy häzirki sanly jemgyýetde aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi maglumat akymlarynyň çalt üýtgeýän şertlerinde şahsyýetiň yzygiderli kämilleşmegi zerur bolýar. M.Montessori tarapyndan öňe sürlen özbaşdaklyk we içki höwes ýörelgeleri häzirki wagtda interaktiw sanly platformalaryň iş prinsipleri bilen utgaşýar. Şeýlelikde, XIX asyr pedagogik pikirleri häzirki zaman sanly bilim giňişliginiň nazary binýadyny emele getirýär.

Sanly tehnologiýalaryň pedagogik mazmuny

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar diňe bir tehniki serişde hökmünde däl, eýsem, pedagogik guramaçylyk formasy hökmünde-de çykyş edýär. Konstruktiwistik çemeleşme boýunça bilim talybyň işjeň gatnaşmagy netijesinde emele gelýär. Sanly gurşaw bolsa talyba maglumatlary özbaşdak tapmaga, seljermäge we döredijilikli ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaý pedagogikanyň passiw kabul ediş modelinden işjeň döredijilik modeline geçişini görkezýär.

Multimedia serişdeleriniň peýdalanylmagy maglumatlaryň birnäçe duýgy kanallary arkaly kabul edilmegine getirýär. Psihologik barlaglar boýunça ses we şekil utgaşykly berlen maglumatlaryň ýatda saklanylyşy has ýokary bolýar. Şeýlelikde, wizual we audiowizual serişdeleriň giňden ulanylmagy XIX asyrda öňe sürülen görkezmeklik ýörelgesiniň häzirki döwürdäki dowamydyr.

Internet serişdeleri, onlaýn platformalar we wirtual aragatnaşyk mümkinçilikleri bilim prosessiniň giňişlik çäklerini aradan aýyrýar. Bu ýagdaý kommunikatiw usulyň täze derejede ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Iňlis dilini öwretmekde talyplaryň hakyky dil gurşawyna ýakynlaşmagy möhüm şertleriň biridir. Sanly tehnologiýalar arkaly daşary ýurtly gepleýjiler bilen göni aragatnaşyk saklamak, wideo materiallar arkaly medeni aýratynlyklary öwrenmek, interaktiw sapaklara gatnaşmak ýaly mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, dil diňe grammatika ulgamy hökmünde däl, eýsem, jemgyýetçilik aragatnaşyk guraly hökmünde hem kabul edilýär.

Wirtual hakykat we goşmaça hakykat tehnologiýalary tejribe arkaly öwretmegiň täze görnüşini döredýär. Talyplar wirtual giňişlikde dürli durmuş ýagdaýlaryna ýerleşdirilip, dili amaly taýdan ulanýarlar. Şeýle tehnologiýalar talyplaryň psihologik päsgelçiliklerini azaltmaga hem-de olaryň özlerine bolan ynamyny artdyrmaga ýardam edýär.