Täze taryhy döwürde ýokary hünär bilimini ösdürmekde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli we ynsanperwer syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dünýä döwletleri hem-de halklary bilen müňýyllyklardan gözbaşyny alýan parahatsöýüjilikli özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan dost-doganlyk gatnaşyklary täze taryhy döwürde hil taýdan ýokary derejä çykarylýar.
2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de ýurdumyzda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygynyň dabarasyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejedäki çärelerde öňe sürlen pikirleriň netijesinde iki döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze sepgitlere gadam basdy.
Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiziň manysynyň dowamaty” atly kitabynda: “Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik häsiýeti, uzak möhletleýinligi, iki ýurduň we sebitiň halklarynyň bähbitlerine gönükdirilenligi bilen tapawutlanýar”diýip belläp geçýär. Bu bolsa gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny häzirki zaman jemgyýetinde tutýan wajyp ornuny kesgitleýär.
Ýurdumyzda ylym, bilim, önümçilik baglanyşygyny we olaryň bitewüligini berkitmekde we hünäriniň ussady bolan hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Ýaş hünärmenleri döwrebap derejede taýýarlamaklygy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerinden düzülen wekiliýetler daşary ýurtlarda iş saparynda bolýarlar.
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 25-26-njy iýunynda ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň 3-siniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa – Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde iş saparynda boldular.
Hytaýyň Halkara Sergiler merkezinde “Sanly aň-bilimiň mümkinçiliklerini giňeldýär, Ýüpek ýoly – geljegi baglanyşdyrýar” şygary astynda geçirilen forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden ýokary okuw mekdeplerimiziň wekilleri bilim, ylym, önümçilik bitewüligini gazanmakda ýurdumyzda toplanan oňyn tejribeleri öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen paýlaşdylar. Umumy mejlisiň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasynyň geçirilmegi bu forumyň işine has-da uly ähmiýet berdi.
Forumyň işi 26-njy iýunynda ylmy maslahatlar görnüşinde dowam etdirildi. Bilimiň, ylmyň we önümçiligiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bäş sany ylmy maslahat Urumçi şäheriniň iri bilim ojaklarynda alnyp baryldy. Hususan-da Hytaý-Merkezi Aziýa sebitini öwreniş ylmyna, şeýle hem, hytaý dilini okatmagyň usulyýetine bagyşlanan halkara ylmy maslahat Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde we bölümlerinde çykyş eden türkmen hünärmenleri ýurdumyzda milli mirasy we ählumumy taryhy öwrenmekde döredilýän oňyn şertler we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilişi hem-de bu ugurlar boýunça milli bilim ulgamynda ýetilen sepgitler barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hünärmenler bilen toplanan tejribeler alşyldy we halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýollary maslahatlaşyldy.
Halkara ylmy forumyň işi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigine we hünäriniň ussady bolan ýaş mugallymlary taýýarlamakda hil taýdan täze derejä çykylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Gelejegiň ussat mugallymlaryny taýýarlamakda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň bilelikde alnyp baryljak ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşmakda türkmen-hytaý wekilýetiniň ikitaraplaýyn duşuşygy aýratyn ähmiýetli boldy. Taraplaryň ileri tutýan ugurlaryň, olaryň döwrebaplygy we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bilim, ylym we ynsanperwer ugurlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ösüşlere beslenýän dostlukly ýoly rowaçlandyrjak netijeleriniň boljakdygyna uly ynam bildirdiler.
Çünki, häzirki zaman şertlerinde durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda mynasyp orna eýe bolup durýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýeti ýokary hünär bilimini ösdürmek bilen öndebaryjy tejribeleri öwrenmekde, milli bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri paýlaşmakda, ýurdumyzda bilimiň hil we mazmun taýdan has-da kämilleşdirmegi ugrunda edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.